87
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary innowasiýa taslamalaryna höweslendirmek, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda alyp barýan işlerini giňden dünýä ýaýmak, şonuň ýaly-da, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň mart aýynyň 14-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Innowasiýa ykdysadyýeti: ýaş ykdysatçylaryň Startap bäsleşigini” guramagy we geçirmegi meýilleşdirýär.
Şunuň bilen baglylykda, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz maglumatlaryny Düzgünnama laýyklykda taýýarlanan Startap-taslamalaryny 2025-nji ýylyň 6-njy martyna çenli tdydi.startap@sanly.tm elektron poçta salgysyna ugratmaly. Düzgünnama institutyň tsiem.edu.tm salgysynda ýerleşdirilen.